Bag ekmek - bagt

22 Noýabr 2023
1237

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalardyr meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyndan we Milli tokaý maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek we olara ideg etmek her ýylyň ýaz, güýz paslynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 4-nji noýabrda ýurdumyzda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsüminiň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmelidigi barada nygtamagy Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýändiginden habar berýär.

Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşandyklary barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle beýan edilýär: «Aslynda, türkmenler agaç ekmegi, olary ýetişdirmegi sogap iş hasaplaýarlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli», «Agaçsyz obada tozan görner» ýaly halk aýtgylarynyň, nakyllaryň mazmuny hem doly tassyklaýar». Halkymyzda «Güýz ekilen bagyň gögerişi başga» diýen aýtgy hem bar. Bu aýtgynyň aýdylmagy ýöne ýerden däl. Çünki güýzde ekilen nahalyň ýaz paslyna çenli ene toprakda gowy kök urup, boý alyp, hasyllygynyň has-da bol bolmagyna täsiriniň bardygyny ylmy maglumatlar tassyklaýar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar