Döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

6 Noýabr 2023
943

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň-ýylyna guramaçylykly geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle hem şol gün Köpetdagyň eteginde behişdi bedewleri saklamaga niýetlenilip, täze gurlan athanada ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde degişli ýolbaşçylar gurluşygy tamamlanan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athanada ýerine ýetirilen işler, durmuşa geçirilýän çäreler, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Sapar ATABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar