«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuş tertibini üýtgetdi

25 Oktýabr 2023
809

Aşgabat (Türkmenistan) — Deli (Hindistan) ugry boýunça gatnawlar 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Häzirki wagtda «Türkmenistan » awiakompaniýasy çarşenbe we penşenbe günleri Aşgabatdan Delä hepdelik uçuşlary amala aşyrýar. Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça uçuşlar şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Beýleki habarlar