Türkmen-german işewürlik maslahaty: ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy

30 Sentýabr 2023
750

Berlin, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.

Beýleki habarlar