Hazar kenaryndaky mediaforum halklary has-da ýakynlaşdyrýar

30 Sentýabr 2023
383

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde VIII Hazar mediaforumy geçirildi. Astrahan oblastynyň gubernatorynyň administrasiýasynyň guramagynda ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik çäresine Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Foruma synçy hökmünde Belarusdan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Hindistandan (wideoaragatnaşyk arkaly) hem bilermenleriň gatnaşmaklary bolsa onuň sebitiň daşynda-da uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň, RF-niň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar hem-de Daşary işler ministrlikleriniň goldamagynda guralan nobatdaky mediaforum «Jemgyýetçilik diplomatiýasy we sosial media halklary ýakynlaşdyrmagyň şerti hökmünde» mowzugyna bagyşlandy. Çärä gatnaşan tejribeli žurnalistlerdir ýaş hünärmenler bu meýdançanyň çäginde maglumat hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de birek-birek bilen gyzyklanma bildirilýän göni dialogy ýola goýmaga mümkinçilik aldylar. Forumyň plenar mejlisinde çykyş eden wekiller jemgyýetiň durmuşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Bölümçeleriň üçüsinde bolsa media sowatlylyk bilen bagly möhüm meselä üns çekildi. Pikir alyşma meýdançalarynyň biriniň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine bagyşlanmagy, öz gezeginde, forumyň gün tertibine girizilýän meseleleriň çäginiň barha giňeýändigini görkezýär.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar