«Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alyp

29 Sentýabr 2023
290

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara gatnaşyklar ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» daşary syýasaty dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalar, kompaniýalar bilen gatnaşyklary hoşniýetli esasda ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we Astrahan oblasty bilen Türkmenistany dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy aýdyldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar