Türkmenistan — Germaniýa: köpýyllyk hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

29 Sentýabr 2023
317

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň Ýewropa Bileleşiginde esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Germaniýa bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Çünki ýurtlaryň ikisi hem hyzmatdaşlygyň köp taraplary babatda uly kuwwata eýe bolup, bar bolan kuwwatlyklar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, geljegi uly täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Muny 28-29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hususy düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilip, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar