Ösüşlere tarap

29 Sentýabr 2023
581

Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmek zerurlygy ýüze çykýar. Ulag-logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanyp alynmagy, ýükleriň alyja öz wagtynda çalt we arzan gowşurylmagyna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.

Ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmegiň ylmy ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin gümrük seljermelerine seredeniňde, ol şu maksatlardan, ýagny beýleki ýurtlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmekden, harytlary logistika merkeziniň ammarlarynyň ýanynda ýerleşdirmekden, ulag çykdajylaryny tygşytlamakdan we paýlamak çykdajylaryny azaltmakdan, eksport ýükleriniň köp bolmagyny gazanmakdan hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmekden ugur alýar.

Maral ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň logistika kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar