Aşgabat-Türkmenabat awtobany Özbegistan bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam eder

29 Sentýabr 2023
472

Gurluşygy dowam edýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Özbegistan bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmäge uly mümkinçilikleri açar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň duşenbe güni “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, 600 kilometrlik awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurduň ýol-ulag düzüminiň geçirijilik mümkinçiliklerini gowulandyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Ol logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrar we hilini ýokarlandyrar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden geçirilýän ýükleriň möçberlerini artdyrmak we ýük geçirilişini tizleşdirmek üçin amatly şertleri döreder.

Beýleki habarlar