Myhmansöýerligiň merkezi

27 Sentýabr 2023
593

26-njy sentýabrda Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy. Şol gün hormatly myhman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherine hem geldi.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde belent mertebeli myhmana ahalteke bedewleriniň çykyşlary görkezildi. Soňra myhman şäheriň çäginde gurlan kottejler toplumyna baryp gördi.

«ARKADAG»
Beýleki habarlar