Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

27 Sentýabr 2023
737

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.

Beýleki habarlar