Dünýäniň nazary toýly mekanda

26 Sentýabr 2023
780

Seýil-seýranly, çardagly, çarbagly ajap Watan — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan goja Zeminiň iň abadan künjegidir. Ýaşaýyş jaýlarynyň, toplumlaryň, täze edara binalarynyň dabaraly açylyşlary bilen birlikde Diýarymyzda ýokary derejeli maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Şeýle halkara derejeli forumlaryň biri Aşgabat şäherindäki Arçabil myhmanhanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» ady bilen geçirildi.

Media foruma dünýäniň onlarça ýurdundan öňdebaryjy maglumat we teleýaýlymlar ulgamlarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň taryhy döwrüň içinde gazanan sepgitleri, ýeten derejeleri ummasyzdyr. Hut şu täzelikler dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde saklanylýar. Bu media forumyň döwrebap žurnalistika boýunça bilimlerini artdyrmakda, dünýägaraýşyny giňeltmekde ýaşlar üçin ähmiýeti örän uludyr. Ýeri gelende, bu çärä Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy, teleradio gepleşikleri guramak we alyp barmak hünäriniň talyplarynyň hem gatnaşandygyny bellemek gerek.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar