«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçirildi

26 Sentýabr 2023
498

Düýn, Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli halkara media forumy geçirildi. Geçirilen çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygyny pugatalandyrmakdan ybaratdyr.

Foruma ýöriteleşdirilen düzümleriň, Türkmenistanyň hem-de dünýä döwletleriniň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzyň üstünliklerini halk köpçüligine ýetirmek we täze tehnologiýalaryň kömegi bilen habar beriş serişdeleriniň tutýan orny kesgitlendi.

«Diýar».
Beýleki habarlar