Türkmen wekiliýeti Barselona deňiz portunyň işi bilen tanyşdy

26 Sentýabr 2023
282

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselona şäherinde geçen deňiz portlarynyň edara ediş işi ulgamyndaky üç günlük okuw maslahatyna gatnaşdy.  Maslahata gatnaşyjylar Ortaýer deňzinde iň uly Barselona portunyň innowasion işi bilen tanyşdylar.

Wekiliýetiň agzalary portuň çäklerinde gezelenç etdiler, gämileriň ýüklenýän hem-de port polisiýasynyň bölümlerine baryp gördüler hem-de ýük we ýolagçy ýüklenende ýerine ýetirilýän howpsuzlyk amallary bilen tanyşdylar.  

Beýleki habarlar