Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişligine ynamly goşulyşýar

26 Sentýabr 2023
492

Düýn paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara mediaforum geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin guralan bu wekilçilikli çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy. Ýeri gelende bellesek, şu günler Garaşsyzlygymyzyň şöhratly baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyza gelýärler. Şolaryň hatarynda dünýäniň 15-e golaý döwletinden habarlar agentlikleriniň wekilleri hem halkara mediaforuma gatnaşmak maksady bilen Aşgabatda myhman bolýarlar. Olaryň baş baýramymyz mynasybetli guraljak döwlet derejesindäki beýleki çärelere-de gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Mediaforuma gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň «Большая Азия» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «SONY» korporasiýasynyň, «Russia Today», «TRT World» teleýaýlymlarynyň, «New Media Networks» kompaniýasynyň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Forumyň dabaraly açylyşynda, ilki bilen, 24-nji sentýabrda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Alekseý GIMALETDINOW.
Beýleki habarlar