«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi boýunça petekleriň satuwyna başlady

22 Sentýabr 2023
998

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi üçin awiapetekleriň satuwynyň 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan güýje girjekdigini we 2024-nji ýylyň 30-njy martyna çenli dowam etjekdigini habar berýär.

Agentligiň resmi web sahypasynda «Häzirki wagtda Kazandan Aşgabat we yzyna, şeýle hem beýleki halkara ugurlara: Aşgabat — Stambul — Aşgabat, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Frankfurt — Aşgabat ugurlary üçin petek satyn alyp bilersiňiz» diýilýär.

Beýleki habarlar