Parahatçylyk we ösüş ýörelgelerine ygrarlylyk

21 Sentýabr 2023
423

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary bilen bagly wakalar Bitarap Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, 18-19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm orun degişlidir. Merkez işiniň 15 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda özüni häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy durmagyň çözgütlerini gözlemekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel, ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda-da özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Beýleki habarlar