Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

11 Sentýabr 2023
821

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Mämmethan Çakyýew Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 123,8 göterime deň bolandygyny hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Beýleki habarlar