Asyr­la­ryň ýa­ňy — döw­rü­mi­ziň şöh­rat-şa­ny

3 Awgust 2023
1053

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, etnografiýa gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, arheologiýa ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek, olary geljek nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek maksadynda, şeýle hem gözel Diýarymyzda ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärliklere, täsin tebigy künjeklere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmekde asyrlara ýaň saljak toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda taryhy-medeni baýlyklarymyzy gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmek hem-de olaryň aýratynlyklaryny bütin dünýäde wagyz etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde tassyklan Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde giň gerimli işler gyzgalaňly durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwrenmekde, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny wagyz etmekde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ýolgörkeziji bolup durýar. Hut şu eserlerde beýan edilen taglymatlara esaslanyp, häzirki wagtda «Medeniýet hakyndaky», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky», «Muzeýler we muzeý işi hakyndaky» kanunlar hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Mundan başga-da biziň ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dünýä giňişliginde wagyz etmek işleriniň alnyp barlyşy bu ugurdaky halkara konwensiýalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Häzirki wagtda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet — halkyň kalbydyr» we beýleki eserleri Türkmenistanyň köp asyrlyk taryhy ýoluny kesgitlemäge, irki döwürlere degişli bolan kerwen ýollarynyň merkezinde ýerleşip, yklymlary birleşdiriji güýje öwrülen türkmen topragynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny dabaralandyrmaga uly itergi bolýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar