Nebit we nebit önümleriniň gelip çykyşy

31 Iýul 2023
922

Nebit, tebigy gaz we gaz kondensaty diňe ýangyç serişdeleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm himiki önümleri almak üçin hem gymmatly çig mal bolup durýar. Ýurdumyzda nebit we gaz ýataklarynyň, baý gorlarynyň tapylmagy aýratyn bellärliklidir. Hakykatdan hem, haýsy bir zat hakynda ýazsaň ilki onuň gelip çykyşy, alnyşy, öndürilişi barada gyzyklanýarsyň we birnäçe soraglara ýüzlenýärsiň.

Nebitiň gelip çykyşy, çykarylyşy, olar baradaky maglumatlara köp sanly çaklamalarda, alymlaryň ýazgylarynda gabat gelmek bolýar. Bu dogrusynda, sözümiz gury bolmaz ýaly, nebit önümleriniň maglumatlarynyň birnäçesi bilen tanşyp geçsek has ýerlikli bolardy. Elbetde, nebitiň emele gelşi barada çap edilen edebiýat maglumatlarynda, internet sahypalarynda şeýle beýan edilýär, ýagny amerikaly alym R.A.Rusbro wazelin oýlap tapýar. Wazelin we serezin parafinden alynýan nebit önümleri bolup, ol 1871-nji ýylda ýüze çykarylýar. Beýleki bir maglumatlara görä, belli himik alymy D.I.Mendeleýew amerikaly alym Awram Gasneriň daşkömürden «ýagtylyk ýagy» diýip at beren önümine 1846-njy ýylda «kerosen oýl» (kerosinli ýag) diýip at berýär. Bu ýangyç, mälim bolşy ýaly, XIX asyryň 50-nji ýyllaryndan soň «kerosin» diýlip atlandyrylyp başlanýar, ýagny ony yşyk hökmünde çyralara guýup hem ulanypdyrlar. 1732-nji ýylda rus akademigi I.W.Weýtbreht adamlary we haýwanlary käbir kesellerden bejermekde nebiti ulanmak barada ilkinji ylmy iş ýazýar. ABŞ-da 1865-nji ýylda nebiti çuňluklardan ilkinji gezek nasos arkaly sorup çykarmaklyk ulanylýar. Soňra bu usuly 1874-nji ýylda Gruziýada, 1895-nji ýylda Groznyda, Bakuwda we Türkmenistanda (Çeleken ýataklarynda) 1876-njy ýylda peýdalanýarlar. Elbetde, wagtyň geçmegi, döwrüň ösmegi bilen sorujy gurluşlaryň görnüşleri has-da köpelýär, kämilleşýär, häzirki döwürde nasoslaryň dürli görnüşleri ulanylýar.

Söýün HALLYÝEW,
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň baş gaz geçirijiniň ugrundaky «Derýalyk» önümçilik edarasynyň uly ussasy.
Beýleki habarlar