Berk binýatly sütünler

29 Iýul 2023
971

Jaýyň esasy diregi, daýanjy ýa-da bezeg üçin dikeldilen desga hökmünde häsiýetlendirilýän sütüniň türkmen dilinde dürlüçe atlandyrylyşy bar. Olaryň has giň ýaýrany bolsa «öre» sözüdir. «Sütün, direg» manysyndaky bu söz «ör» kökünden we at ýasaýjy «e» goşulmasyndan emele gelýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýelkeni berkitmek üçin gämide dik oturdylýan sütüniň «bogaldak», Daşoguz welaýatynda jykyryň suw çykarýan çarhyny saklamak üçin dikilýän ýogyn sütün agajyň «ýanöre» ýaly atlandyrylyşyna-da duş gelýäris.

Milli binagärlik sungatynda sütünleri ulanmak tejribesiniň özboluşly ösüş taryhy bar. Ylmy-barlag işleriniň netijesinde, taryhy-medeni ýadygärliklerden ýüze çykarylan sütünleriň iň gadymy we görnükli nusgalary Nusaý galalaryndan tapyldy.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, etnograf.
Beýleki habarlar