Görküm, zynatym meniň

20 Iýul 2023
1019

Milli lybaslarymyz, däp-dessurlarymyz halkymyzyň durmuş ýörelgesini häsiýetlendirýän maddy hem ruhy medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Gelin-gyzlarymyzy bezeýän, olaryň gözelligine gözellik goşýan ajaýyp lybaslarymyz dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan milli matalarymyzdan taýýarlanylýar. Çeper elli zenanlar olardan çyrpy, gyrmyzy don, gyňaç, gültahýa, akgaýma tahýa, gursakça ýaly birnäçe egin-eşikleri tikip taýýarlaýarlar. Türkmen pähiminde: «Görk agyzdan, görmek eginden» diýilýär. Geýeniňde gelşik berýän milli lybaslarymyzy biçmek, tikmek, nagyşlamak hem sungatdyr.

Milli nagyşlar özboluşly bolup, ol lybaslaryň görküni artdyrýar. Geçmiş taryhymyzda ene-mamalarymyz ýüpek sapaklarynyň lowurdysy gözüň ýagyny iýip barýan kürtelere, çabytlara, tahýalara, ýakalara salynýan «para», «çaňňa», «tegbent», «kürtegoçak», «gülýaýdy», «erikgül», «goçkelle», «sekizkeşde» ýaly nagyşlary döredipdirler. Milli lybaslaryň hersiniň döreýiş taryhy bar. Gyrmyzy donuň döreýşi baradaky rowaýatda şeýle diýilýär: «Gadym döwürde türkmen obalarynyň birinde ýaşaýan bir adamyň dört ogly, bir gyzy bolupdyr. Erkek doganlary gyz uýasyny gaty gowy görer ekenler. Gyz asylly maşgalada ösüp-ulalansoň, edepli, sada, eli çeper bolup ýetişýär. Ýöne oglanlaryň arasynda bolup, olaryň edýän işlerinden-de habarly bolupdyr.

Laçyn HANGULYÝEWA,
TDP-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar