Arkadag şäheri — ekologiýanyň we saglygyň ajaýyp sazlaşygy

11 Iýul 2023
1452

Saglyk hakda söz açylsa, hökmany suratda däri-dermandyr bejergiler bilen bir hatarda, atmosferadan, ýagny howadan hem söz açylýar. Adamlaryň beden gurluşynyň deň bolmaýşy ýaly, olaryň daşky gurşawy, suwy, howany kabul edişleri-de meňzeş däl. Kimlere sähra howasy ýarasa, kimlere dag howasy ýakymly täsir edýär. Şeýle şypaly howa, keýpiňi göterip, ruhuňy belende galdyrmaga-da, işe, durmuşa bolan höwesiňi artdyryp, güýjüňe güýç goşmaga-da ýaramly. Mahlasy, adam tebigat bilen gönüden-göni bagly.

Adam aňynyň ähli ulgamlarda belent-belent sepgitleri nazarlap, görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetýän häzirki döwründe daşky gurşawy ynsan saglygyna peýdaly täsir edip bilýän derejede özleşdirip, ekologiýany has-da gowulandyrmaga örän uly üns berilýär. Şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda birinji tapgyry uly dabara bilen açylyp, ulanmaga berlen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ekologiýa aýratynlyklary hem bu aýdanlarymyza buýsandyryjy mysaldyr.

Merjen BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar