Şöhratly geçmişden bagtyýar geljege sary

19 Aprel 2023
1135

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Bu günki gün Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösüpdir. Şol wagtlardan galan ençeme taryhy ýadygärlikler bar. Olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä taryhy ýadygärlikleriniň sanawyna giren gadymy we orta asyr binagärligiň merjenleri - Gadymy Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ýadygärlikleri bar. Diýarymyzda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy taryh dikeldilýär, dürli etniki jemgyýetleriniň döreýşi we ösüşi, ykdysadyýeti, ýaşaýşy, medeniýeti şeýle-de özara medeni täsirleri we halkara hyzmatdaşlygy öwrenilýär.

Beýleki habarlar