Gadymy geçmişli Änew

17 Aprel 2023
1092

Geçen ýylyň ahyrynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Mejlisiniň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky kabul eden çözgüdi hemmämizi diýseň begendirdi. Ol çözgüt hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň genji hazynasy bolsa, gadymy Änew şäheri türkmeniň «Uly iliň soltany» diýip sarpa goýýan ak bugdaýynyň ilkinji mekanydyr. Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde örän uly many bar. Çünki Merkezi Aziýada iň gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýetiniň Änew topragynda ýüze çykandygyny arheologlar subut etdi. Bu medeniýeti döreden ilatyň galdyran yzlaryny öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda A.W.Komarow Änewiň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän gadymy depelerde gazuw işini geçirýär. Şonda ol birnäçe tapyndylary ýüze çykarýar. Ýüze çykarylan maglumatlar ylmy taýdan derňelmedik hem bolsa, olar barada çap edilen gazet makalasy bu ýadygärliklere alymlaryň ünsüni çekdi. 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ekspedisiýasy belli nemes arheology Gubert Şmidtiň gatnaşmagynda Änew depelerinde gazuw-barlag işlerini geçirýär. Onuň netijesi boýunça Rafael Pampelli Günorta Türkmenistanyň irki ekerançylary barada uly göwrümli ylmy işini neşir etdirýär. Ol bu işinde Änew ýadygärlikleriniň irki ekerançylaryň obasynyň galyndysydygyny tassyklaýar. Toplanan maglumatlaryň aýratynlyklaryna esaslanyp, Günorta Türkmenistanyň çäkleriniň ekerançylygyň ýüze çykan iň irki merkezleriniň biridigini subut edýär. Bu toprakda dörän ilkinji suwarymly ekerançylyk medeniýetini «Änew medeniýeti» diýip atlandyrýar. Soňraky ýyllarda alnyp barlan barlaglar Änew medeniýetini köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berdi. Onuň netijeleri türkmen halkynyň örän baý, gadymy medeni mirasa eýedigini ýüze çykardy.

Akmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.
Beýleki habarlar