Ekologik düşünjeleri kämilleşýär

13 Aprel 2023
1076

Welaýat tokaý hojalygynda tokaý zolaklaryny, şeýle hem öri meýdanlaryny ýangyndan goramak bilen baglanyşykly amaly-okuw maslahaty geçirildi. Oňa tokaý hojalygynyň, welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň, tebigy goraghanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Tokaýlyklarymyzda ummasyz tebigy baýlyklaryň jemlenendigi hemmämize mälimdir. Amyderýanyň boýlarynda, Garagum sähralarynda, Köýtendag sebitlerinde baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bolmagy aýratyn guwandyrýar. Bu baýlyklara örän aýawly çemeleşmek üçin netijeli işleri durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzda täze ekologik şertleriň peýda bolmagy hem tebigatyň goraglylygynyň hiliniň ýokarlanmagyna amatly täsirini ýetirýär. Tebigy baýlyklarymyzy goramagyň düzgünleri barada yzygiderli amaly okuwlaryň geçirilmegi, wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmagy netijesinde raýatlarymyzyň ekologik düşünjeleri hem kämilleşýär. Ynha, şu amaly-okuw maslahaty hem şeýle möhüm işleriň biri boldy. Oňa gatnaşyjylar welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn-tehniki merkezinde bolup, ýangyn söndüriji tehnikalara degişli maglumatlar bilen hem tanyşdylar.

Babanyýaz ILAMANOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar