«Ýaşyl» ykdysadyýet — ählumumy wezipe

13 Aprel 2023
986

Soňky ýyllarda halkara giňişlikde bolup geçýän wakalar dünýä jemgyýetçiliginiň öňde duran jogapkärli wezipeleri takyk kesgitläp, olar boýunça oýlanyşykly çözgütleri kabul etmegini şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de wezipelerini berkitmek, şol sanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak babatda dörän meseleler hem oňyn çözgütlerine garaşýar. Bu wajyp meseleler tagallalary birleşdirmegi, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmagy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmagy talap edýär.

Adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine wehim salýan meseleleriň ählisi Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerinde öz beýanyny tapdy. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň binýadyny düzýän bu maksatlary ilkinjileriň hatarynda kabul eden we milli derejede uýgunlaşdyran döwlet hökmünde durmuş-ykdysady syýasatyny daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreler bilen utgaşykly amala aşyrýar.

Gülälek TANGIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar