Ykbalyny arheologiýa baglan

6 Dekabr 2021
2195

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni we arheologiýa ýadygärliklerinde ylmy-barlag, gazuw-agtaryş, berkidiş-rejeleýiş, etnografiýa-gözleg işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylaryň kömegi bilen hem-de etnografiýa barlaglarynyň netijesinde taryhy-medeni mirasymyzyň henize çenli mälim bolmadyk syrly sahypalary açylýar. Türkmen alymlarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleriniň güýzki möwsüminiň dowamynda «Simap küýzejigi» diýlip atlandyrylýan keramiki gaplaryň ençemesini ýüze çykarmaklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Akademik M.Ý.Masson şeýle gaplaryň aýry-aýry nusgalarynyň Merkezi Aziýanyň käbir sebitlerinde tapylandygyny hem-de olaryň simaby saklamak üçin giňden ulanylandygyny ylmy taýdan esaslandyrdy. Bagtyýarlyk döwrümizde belli alymyň XX asyryň ortalarynda öňe süren bu ylmy nazaryýetine laýyklykda, Abiwerd sebitinde hem simap önümçiliginiň giňden ýola goýlandygy täze tapyndylaryň üsti bilen tassyklanyldy.

Şu makalada eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişini öwrenmekde uly işleri bitiren belli alym M.Ý.Massonyň ylmy mirasy barada söhbet etmegi makul bildik.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.
Beýleki habarlar