Paryzdepede arheologiýa barlag işleri

23 Noýabr 2021
2810

Ýurdumyz gadymy arheologiki ýadygärliklere baýdyr. Şolaryň biri hem Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän, Köpetdagy etekläp oturan gadymy we orta asyr Paryzdepe arheologiki ýadygärligidir. «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde Paryzdepede degişli arheologiki barlag işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri tarapyndan meýilnama laýyklykda alnyp barlan möwsümleýin ylmy barlag işleriň netijesinde bu künjekde birnäçe tapyndylar ýüze çykaryldy we häzirki wagtda olary rejelemek hem-de dikeltmek işleri dowam etdirilýär.

Paryzdepede gazuw-barlag işlerine 2016-njy ýylda badalga berlip, toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Geçen barlaglarda Paryzdepäniň gadymy taryhy ýadygärliginiň tutýan ýerini, relýefiň şekilini çyzga geçirmek üçin topografiki gözegçilik işleri geçirildi. Topografiýa işleriniň netijesinde müňlerçe ölçeg maglumaty alnyp, ýadygärlik toplumynyň relýefiniň nusga şekili guruldy. Soňra gazuw topary tarapyndan depäniň üstünde içki galanyň çäklerinde işler dowam etdirildi. Bu topara Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Berdiýew ýolbaşçylyk etdi. Gazuw işleriniň dowamynda içki galanyň günorta-gündogar tarapynyň gala diwarynyň bir böleginiň we oňa ýanaşyk gurlan otaglaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Içki galanyň merkezindäki käbir aýry-aýry otaglaryň yzlary anyklandy. Soňra barlag-gazuw işi meýilnama laýyklykda, 2019-njy ýylyň ýazky we güýzki möwsüminde içki galanyň gündogar-demirgazyk diwarynyň gyraňynda, gazuw meýdançasynyň 1-nji böleginde alnyp baryldy.

Serdar MAŞARYKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar