Ynam — ganat

12 Noýabr 2021
2722

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bagtyýarlygy hakyndaky alada mähriban Arkadagymyzyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň şu okuw ýylynyň başynda talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen duşuşmagy we umumy okuw sapagyny geçip, sargytlaryny bermegi joşgunly kalplarymyza täzeçe ruhy joşgun paýlady.

Bu taryhy duşuşygyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilmegi türkmen ýaşlarynyň göwün guşuny Göge göterdi.

Selbi ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetiniň rus dili we edebiýaty bölüminiň talyby.
Beýleki habarlar