Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

25 Oktýabr 2021
2519

Ýurdumyzyň nebit senagatynyň ösdürilmeginde «Türkmennebit» döwlet konserninde çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze tehnikalary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga yzygiderli üns berlip gelinýär. Bu babatda nebit çykarmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň giň tapgyry önümçilikde synag edilip, senagat taýdan ulanyşa girizilýär. Nebit çykarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak baý tejribeli daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr.

Soňky 10 — 15 ýylyň içinde daşary ýurtly kompaniýalaryň hünärmenleriniň türkmen nebitçileri bilen bilelikde guýulary daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen enjamlaryň üsti bilen täze mehanizmleşen usullara geçirip, bol nebit çykarmaga gönükdirilen köp işler amala aşyryldy. Onuň hem sebäbi burawdan çykan guýularyň hemmesi diýen ýaly, ulanylmaga berlen ilkinji günlerinden soň, birnäçe ýylyň dowamynda gatlagynyň basyş güýji peselýänçä çüwdürim usulynda işleýär. Şonda bu guýularyň geljekki ulanyş döwrüni uzaltmakda we nebit berijiligini artdyrmakda olaryň önümli gatlaklarynyň nebit berijiligi ylmy taýdan öwrenilip, ykdysady taýdan esaslandyrylyp, häzirki zaman tehnologiýasyny ulanmak bilen degişli mehanizmleşen usulyna geçirmek esasy wezipe boldy.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar