Döwrebap ösüşlerde ýaşlaryň orny

24 Ýanwar 2021
1695

Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň şertleri kabul edilen ýörite Kanunlarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilimli, ylymly bolmagy, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli syýasy we durmuş-ykdysady mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrdy. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip berkidilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar baradaky aladanyň möhüm häsiýetini alamatlandyrýar. Şonuň bilen birlikde-de, milli kanunçylyk ulgamynda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň, Zähmet kodeksiniň, «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy namalarynyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar