Şadessanyny halka ýetiren

21 Ýanwar 2021
1980

Görogly etrabynyň merkezinde türkmen serkerdesi Görogly begiň atly buýsançly nazaryny uzaklara dikip duran heýkeli bar. Bu ýadygärlik her gezek deňesinden geçende: «Ogullarym, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýaşaýarsyňyz. Indi ýurt siziňki, bu döwleti ösdürmegem, özgertmegem size bagly» diýip duran ýalydy. Bu ýadygärlik «Görogly» eposyny halkymyza ýetiren Pälwan bagşy Ata hoja oglunyň we onuň 300 ýyl töweregi bagşyçylyk edip, bu dessany nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiren ata-babalarynyň hormatyna 2003-nji ýylda dikeldilip, beýik serkerdäniň ady hem etraba dakyldy.

«Görogly» şadessanyny halka beren bagşy hökmünde türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda hem Pälwan bagşa möhüm orun degişlidir. Sebäbi şindiki «Göroglynyň» esasy şahalary, ýagny 12 şahasy Pälwan bagşydan ýazylyp alnan nusgalardyr. Şonuň üçin «Göroglyny» öwrenýän alymlaryň hiç biri hem Pälwan bagşydan sowlup geçip bilmeýär. Pälwan bagşy türkmen halkynyň öňünde iňňän uly hyzmaty ýerine ýetiren şahsyýetdir.

Otuzmät KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Görogly etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar