Oba ýatlamasy

21 Ýanwar 2021
1566

Çaryk buzda typýarmy ýa typanok?!

Aýtdym-a, obadaşlarym hakynda gürrüň kändir diýip. Men olar hakda gürrüň edip ýadamok, gaýtam, lezzet alýan. Şonda özümem obama giden ýaly, obadaşlarym bilen duşuşan ýaly bolýan. Myrat aga hakda ýatlamag-a hasam gyzykly. Onuň obada ýörgünli ady Myrat mergendi. Myrat aga diýseň, obada başga-da Myrat atlylar bolansoň: «Haýsy Myrat?» diýip soraýardylar. Myrat mergen diýseň welin, hemmeler tanaýardy. Sebäbi Myrat mergen obada sylanylýan, hormat goýulýan ýaşulularyň biri bolupdy. Ol ir döwürde, uly ýaşlylaryň aýdyşy ýaly, köp adamlara ýardam edipdir. Ökde awçy bolansoň, daga awa gider eken, her gezegem 5-6 käkilik awlap gelýän eken. Birin-ä öz maşgalasy üçin ulanar eken, galanlaryny-da ekleýjisi urşa gidenleriň yzynda galyp, horluk çekýän maşgalalara paýlaýan eken.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar