Çagalary haçan sporta ugrukdyrmaly?

24 Dekabr 2024
65

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Çagalary 3-4 ýaş aralygynda sporta ugrukdyrmak bolar. Bu ýaşda çagalaryň bedeni we hereketleri sport bilen meşgullanyp başlamaga taýýar bolýar. Şu döwürde olaryň fiziki ösüşini goldamak üçin diňe sportda başlangyç ädimleri ätdirmek gerekdir. Ilki oýunlar, esasanam, milli oýunlar bilen meşgullanan çagalar sportuň görnüşleri boýunça türgenleşiklere tiz girişýärler. Biz muňa öz bakja-bagymyzda terbiýelenýän çagalaryň mysalynda hem göz ýetirýäris.

Taýýarlan Nabat ÇARYÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar