Sport — ruhubelentlik

10 Dekabr 2024
187

Ata Watanymyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň, sportuň pajarlap ösýän ýurdy hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuş ýörelgeleri, bedenterbiýe hereketiniň hem-de sportuň ösüşli menzilleri, başarjaň türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri muny dolulygyna äşgär edýär.

Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydyr. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam özerkli bolýar. Oňa ukyp-başarnyk, çydamlylyk, eden işine paýhasly çemeleşmek, tertiplilik, daş-töweregindäki adamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmak ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ýeňşe bolan hyjuw bilen türgenleşýän türgenlerimiz bolsa, gazanan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň sportdaky halkara abraýyny has-da ýokary derejelere ýetirýär.

Selbi ÝAZKULIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar