«Formula-1-de» täze topar peýda bolar

1 Dekabr 2024
95

«Formula-1» ýaryşlarynda täze topar peýda bolar. Has anyk aýtsak, 2026-njy ýyldaky möwsümden başlap, «Kadillak» topary «Formula-1» ýaryşynda çykyş edip ugrar. Ol «General Motors» hem-de
«TWG Global» kompaniýalary tarapyndan bilelikde esaslandyrylar. Bu topar deslapky 2 möwsüminde kärende hereketlendirijilerden peýdalanar. 2028-nji ýyldan başlap bolsa, hereketlendirijileri özi öndürmäge girişer.

«Formula-1-de» ilkinji gezek gatnaşjak bu toparyň direktory amerikaly rowaýaty sürüji Mario Andretti bolar. Ýeri gelende, onuň 1978-nji ýylda «Formula-1» möwsüminiň çempiony bolandygy bellärliklidir.

Taýýarlan: Kemal JEPBAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar