Parahatçylyksöýüjilikli syýasat dabaralanýar

6 Dekabr 2024
227

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine doly derejede peýdalanýan Bitarap döwlet hökmünde tanalýar. Mekdebimizde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan saz-söhbetli dabarada edilen çykyşlarda bu barada täsirli we gyzykly gürrüň edildi.

Dürli döwürlerde türkmenleriň parahatçylyk ýollaryny ulanyp, iň kyn meseleleri hem çözendikleri barada getirilen mysallar baýramçylyk çäresiniň many-mazmunyna üýtgeşik bir öwüşgin çaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde belleýşi ýaly, türkmenler öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanypdyrlar. Hut şu eserde Şükür bagşynyň öz doganyny sazyň güýji bilen ýesirlikden boşadyşy beýan edilýär. Bu hem türkmeniň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgeleriniň özboluşly dabaralanmasydyr. Hindistanyň paýtagty Deli şäherindäki ajaýyp köşgüň derwezesiniň «Türkmen derwezesi» diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýerden däldir. Ol türkmenleriň ata-babalarynyň iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni-edebi gatnaşyklary ösdürmekde bitiren uly hyzmatlarynyň özboluşly subutnamasy hökmünde häzirki günlerde hem goralyp saklanylýar. Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň merkezinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, şeýle hem «Aşgabat» seýilgähiniň açylmagy hem Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatyna goýulýan hormatdan nyşandyr.

Oguljan NAWRUZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar