Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi

21 Noýabr 2024
374

Seulda CAREC (“Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” maksatnamasy) ýurtlary üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin seminar geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Çäre inklýuziw ykdysady ösüşe ýardam etmäge we CAREC ýurtlarynyň halkara söwdanyň hereket edýän borçnamalaryna eýermäge taýýarlyklaryny goldamaga gönükdirilen Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada müşderilere iň gowy hyzmat etmekde iň gowy gümrük gullugy” atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Mysal üçin, Serhetüsti kagyzsyz söwda baradaky Ylalaşyk, Ygtyýarlandyrylan ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy.

Beýleki habarlar