Durmuşyň şatlygy daglarda

4 Noýabr 2024
315

Daňdanyň ümüş-tamşynda daglar bilen didarlaşyp, Günüň dogşuny şol ýerden synlap görüpmidiňiz?! Tämiz oý-pikirlere, ýagşy dileglere berlipmidiňiz şeýle pursatlarda?! Dag belentligine çykyp, asmandyr Zemini özüňizde birleşdiren deý täsin duýgulary başdan geçirip görüpmidiňiz goýazy güýzüň sergin säherinde?! Arzuw deý ak, ynsap kibi päkize Aşgabady şol belentlikden synlap, onuň gözelligine gözüňizi, göwnüňizi dokundyrypmydyňyz, heý?! Olar beýanyna söz ýetmeýän, diňe başdan geçirilýän pursatlardyr. Ine, şeýle... Başga zady agzaw etmäniňde-de, 6 müňden gowrak adama şeýle pursatlary serpaý edendigi hem öňňin Saglyk ýoluna guralan ýörişiň gymmatyny, ähmiýetini aňladara-aňdyrara şeksiz-şübhesiz delildir, elbetde.

Türkmen döwletiniň döwletli başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň şanyna guralan bu ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy oňa aýratyn dereje, aýratyn öwüşgin berdi.

Kakamyrat REJEBOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar