Agaş, şiraş, begaş...

20 Iýun 2024
1002

Biz Alaja köp garaşdyk. Soňky on gün «Söýünjiläniň söýünji paýy bar» diýlensoň-a, hasam köp garawulladyk. Ýöne bir gün mamam daň bilen: «Turuň, üstüňize Gün dogrup ýatmaň. Baryň, säheriň tämizliginden rysgal diläň hem gölejigi görüp gaýdyň!» diýdi. Barsak maňlaýy sakar, kirpikleri jaýtaryp duran alaja gölejik enesine özüni ýaladyp dur. Biz haýal etmän goňşulara owuz süýt paýlap, buşlugymyzy aldyk. Dört günden soň süýtlaşam paýlamaly bolduk. Mamamdan: «Owuz-a düşnükli, ýöne süýtlaş näme?» diýenimde, ol şu gürrüňi aýdyp berdi...

...Goňşokara — köne däp. Süýtlaş — süýtli tüwi, süýtli bürünç, agaş, begaşy, şiraşy diýip tanalýan köne tagam. Ir döwür myhmana duýdansyz üstüni basdyran zenan çalt bişeri diýip beglere süýtlaş bişirip beripdir. Begler saryýagly süýtlaşyň üýtgeşik tagamyna haýran galyp, goşunlaryna: «Begaşyndan galan teperrik bor. Iýmäge wagtyňyz bolmasa, begaşy bişýän ak öýüň gamşyna süýkenip, ysyny kalbyňyza siňdiriň» diýenmişler.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
mirasgär.
Beýleki habarlar