Halk döredijiligi — ebedi hazyna

19 Iýun 2024
1022

Halkymyz zehinli, dilewar adamlary, belli şahslary, halk gahrymanlaryny, akyldarlary, söz ussatlaryny tüýs ýürekden hormatlap, olar barada rowaýatdyr hekaýatlary döredipdirler. Olaryň köpüsi türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy, Myraly bilen Soltansöýün barada, nusgawy şahyrlar Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň döreden şygyrlarynyň döreýşine bagyşlanandyr.

Şonuň ýaly-da, rowaýatlaryň köpüsi belli halk gahrymanlaryny wasp edipdir. Keýmir kör hakda dörän rowaýatlar halkyň ýüreginde ornaşan gahrymanlaryň durmuşyny, ýaşaýşyny, gylyk-häsiýetini doly açyp görkezýär. Ol pähim-parasatly, namysjaň adam. Rowaýatlarda beýan edilişine görä, ol halkyň abraýyny belentde goýan, türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrunda batyrgaýlyk bilen söweş alyp baran şahsyýet. Rowaýatlaryň köpüsi onuň Nedir şa bilen bolan söweşlerine, söz ýaryşlaryna bagyşlanypdyr. Halk öz gahrymanyny örän belende galdyryp, onuň öçmejek keşbini döredipdir. Hatda hüwdülerde hem gelinler öz çagalarynyň Keýmir serdara meňzemegini arzuwlap hüwdüläpdirler. Öz balasynyň Keýmiriň yzyny mynasyp dowam etdiriji bolmagyny arzuw edipdirler.

Akyl DURDYÝEWA,
TOHI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar