Nepisligiň nusgasy

19 Iýun 2024
1300

Dünýä meşhur ketenilerimiz ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň biridir. Bu inçe senet häzirki wagtda hem gelin-gyzlarymyz tarapyndan döwrebap öwüşginde dowam etdirilýär.

Keteniden taýýarlanylýan zenan lybaslary özboluşly görki bilen tapawutlanýar. Keteni dokamaklyk köküni irki döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde türkmen zenanlary ýörite agaç gurallarda, taralarda dünýäni haýrana goýýan nepis matalary, ketenileri dokapdyrlar. Ynançlara görä, gyzyl reňkli ketenini köne döwürlerde gyzamyk çykanda-da, näsaga geýdiripdirler. Aýdan nur, Günden ýylylyk, älemgoşardan reňk, derýadan güýç, çeşmeden durulyk alan, aňsat solmaýan, ýuwlanda süýnmeýän bu nepis ketenileriň döreýşi hakynda halk arasynda şeýle rowaýat hem bar.

Gülzire ERGEŞOWA,
Dänew etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar