Asylly ýörelgeler

18 Iýun 2024
1053

Adamzat ýaşaýşynda ynsany bezeýän mukaddes häsiýetleriň biri hem edepdir. Edep ynsanyň durmuşda, maşgalada hem-de jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem edep-ekram barada halkymyz çaganyň ýaşlygyndan aýratyn aladalanyp başlapdyr, sebäbi edep adamzat ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Iňňän inçeden yzarlanan ýokary ahlak sypatlaryny özünde jemleýän edep-ekramlylygy mydama özüne ýaran edinen halkymyz çagany şol duýgular bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Milli terbiýede çaganyň ýanynda diňe gowy zatlar hakynda söhbet açylyp, onuň özüne hem diňe gowy zatlar hakynda pikirlenmegi ündäpdirler.

Halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen nakyla eýerilipdir. Edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Edep-ekramyň, görüm-göreldedir ýagşy terbiýäniň bar ýerinde bolsa hemişe bagtyýarlygyňam, agzybirligiňem, üstünligiňem bolýandygy durmuşyň ykrar eden iň beýik hakykatydyr.

Lýudmila BADAÝEWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň 2-nji derejeli bibliografy.
Beýleki habarlar