Paýtagtymyzda halkara maslahat işe başlady

20 Mart 2023
1011

Şu gün — 20-nji martda Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň degişli düzümleriniň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Bolgariýanyň, Horwatiýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk guramalarynyň hem-de bu ugurda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşýar.

Halkara maslahatyň geçirilýän ýerinde milli gymmatlyklarymyz hem-de amaly-haşam sungatymyzyň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Myhmanlar duz-tagam hem-de dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren nusgawy sazlar bilen garşylanyldy.

«Adalat».