Ýer ýüzündäki iň gizlin kenar

24 Ýanwar 2023
879

Ýer ýüzündäki iň gizlin kenar Meksikanyň milli seýilgähi we Puerto Walýarta şäheriniň 35 kilometr günbatarynda, Banderas aýlagynda ýerleşýän Marieta adalarynyň birindäki deňiz kenary hasaplanýar. Ol 2008-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Adalar suwasty dünýäsiniň köpdürlüligi, gowaklaryň seýrek gözelligi we çuň deňiz tonelleri sebäpli bu derejäni aldy. Marieta adalarynyň golaýynda ajaýyp merjen görnüşlerini görüp, bu ýerde delfinlere duş gelip bolýar.

Her ýyl bu gözelligi görmäge ýüzlerçe müň syýahatçy gelýär, emma bu ýerleriň esasy merjeni Marieta adalaryndaky gizlenen kenardyr. Adanyň adyndan belli bolşy ýaly, ähli tarapdan tokaý we gaýalar bilen ygtybarly gizlenen bu kenary hatda guşuçar belentliginden hem görmek aňsat däl. Marieta adasyndaky gizlin kenar ýokarsynda yşy bolan gowakda ýerleşýär. Deňziň çägeli bölegi bu oý şekilli yşyň aşagynda ýerleşýär, gowagyň tegelek açyk gümmezi bar. Ekwatoryň ýakynlygyny we Meksikanyň yssylygyny göz öňünde tutsak, bu ýer iň yssy we güneşli ýerleriň biridir. Tomusda bu ýerdäki temperatura +40 0С derejä çenli ýokarlanyp bilýär, emma bu ýeriň suwy kän bir ýylamaýar.

Hojamberdi WELMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.