«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň sanyny artdyrdy

9 Ýanwar 2023
852

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň sanyny hepdede dörtden bäş gezege çenli artdyrdy. Muny awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky awiapetekleriň satuwy baradaky maglumatlar hem görkezýär.

Uçuşlar indi duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günlerinde, «Boeing 737-800» amatly uçarlarynda amala aşyrylýar.