«FlyDubai» awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy

9 Ýanwar 2023
984

«FlyDubai» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäherine yzygiderli howa gatnawlaryň tertibi Dubaý howa menziliniň meýilnamasyna girizildi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. «FZ731» reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa «FZ732» uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Uçarlar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, ertesi gün 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 04:35-de bolup, Dubaýda (DXB) wagt tapawudyna görä 06:30-da gonar.