«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022
Italýan banklarynyň biri Osmanly döwleti bilen bagly aýtgyny ulanyp, «Biziň ofislerimizde hiç haçan Gün batmaýar» diýen jümläni şygar edinipdir. Katarda tamamlanan futbol boýunça dünýä çempionaty hem janköýerleriň aňynda täze düşünje bilen orun aldy. Sebäbi bir aýlap, janköýerler sözüň göni hem göçme manysynda Gün batanyny we Gün doganyny duýmadylar.