Bulary bilmek gyzykly

11 Oktýabr 2022
2306

Täsin kitaphana

Portugaliýanyň Koimbr uniwersitetiniň kitaphanasy XVIII asyrda açylyp, şu wagta çenli işleýär. Kitaphananyň müňlerçe kitapdan ybarat gory bar. Okyjylar üçin bu ýerde islendik döwre degişli, hatda üstünden ençeme asyr geçen gadymy kitaplary-da okamaga ähli şertler döredilipdir. Kitaphananyň esasy aýratynlygy, bu ýerde ýarganatlaryň ýaşaýanlygydyr. Kitaphananyň işgärleri ýarganatlaryň bu ýerde bolmagyny adaty ýagdaý hasaplaýarlar. Çünki gadymy kitaplara güýe düşmek ähtimallygy bolandygy sebäpli, ýarganatlaryň ýardamy bular üçin zerurdyr. Giçlik kitaphana ýapylansoň, ýarganatlar kitaplaryň daşyna düşen güýeler, olaryň ýumurtgalary bilen iýmitlenip, gymmatly kitaplaryň abat galmagyna ýardam berýärler. Portugaliýanyň Mafra köşgündäki kitaphanada hem kitaplary abat saklamak maksady bilen şu usuldan peýdalanýarlar.

Internet maglumatlaryndan taýýarlan Jemal BAÝRAMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.